Morgan Hausel, tanymal amerikan maliýe ýazyjysy, maýa goýumçy we "Collaborative Fund" kompaniýasynyň hyzmatdaşydyr. Ol bütindünýä çoksatar bolan hem-de adamlaryň pul bilen bagly rugsyy-psihologik çemeleşmelerini düşündirýän "Puluň psihologiýasy" we üýtgeýän dünýäde üýtgemez galýan ýörelgeler baradaky "Öňki ýaly"kitaplarynyň awtorydyr. Ol öz eserlerinde risk, baýlyk we karar kabul etmek ýaly temalary ýönekeý we täsirli dilde düşündirýär.